Gizlinlik Sözleşmesi

ULANYŞ DÜZGÜNI WE GIZLINLIK ŞERTNAMAS                                       ÖZARA YLALAŞYGY  

MARKALY – internet dükany (mundan beýläk “Markaly”) we www.markaly.com

internet saýty (mundan beýläk – “Saýt”) bilen onuň agzasyny (“Agza”) şu

aşakdaky şertler esasynda hyzmatdaşlyk etjekdigi, bilelikde “Taraplar” diyip

atlandyrylýanlar, şu aşakdakylar barada ylalaşdylar:

UMUMY DÜZGÜNLER:

 “Saýt” ähli adamlar üçin peýdalanylmaga açykdyr.

 “Saýtyň” agzalygyna degişli hyzmatlar tölegsizdir.

 “Agza”, şu ylalaşykda bellenilen şertlere eýerip, telefon belgisini we açar

sözüni girizip agza bolanyndan soňra, hyzmatdan peýdalanyp biler.

 “Agzanyň” saýty we applikasyany ulanyp başlamagy ylalaşygyň ähli

şertlerini kabul edýär diýip hasaplanýar.

 Şu ylylaşyk, agzalygyňyz ýatyrylandan soňra güýjini ýitirýär.

 “Markaly” şu ylalaşyga birtaraplaýyn üýtgetmäge we goşmaçalary

girizmäge hukuklydyr.

AGZANYŇHUKUKLARY WE BORÇLARY:

“Agza” şulara borçludyr :

 Özüniň buýurmasy esasynda “Markalynyň” bellenilen wagtynda getiren

harydyny görnüşleri, möçberi we hili boýunça sargyt fakturasy we laýyklyk

düzümine (çek) laýyklykda kabul edip almaga;

 Harytlaryň bahasyny sargyt fakturada bellenilen tertipde öz wagtynda

“Markala” tölemäge ;

 Öň beren buýurmasyndan ýüz öwüren ýagdaýynda, bu barada harytlaryň

üpjün edilmeli wagtyndan azyndan 2(iki) gün öňünden “Markala” ýazmaça

habar bermäge;

 “Agza”, saýtdan peýdalanan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna

laýyklykda hereket etmäge borçlanýar.

“Agzanyň” şulara hukugy bardyr :

 Bizde saklanan maglumatlaryňyz hakda maglumat almaga hukugyňyz

bardyr;

 Maglumatlaryňyzda kemçilik bar bolsa, ýalňyş ýa-da doly däl bolsa, olary

düzedilmegini ýa-da ýatyrylmagyny talap edip bilersiňiz;

 Açar sözüni ýatdan çykaran ýagdaýyňyzda saýtdaky “Açar sözümi ýatdan

çykardym” funksiýasyndan peýdalanyp bilersiňiz;

 “Markala” iberen buýurmasyndan harytlaryň üpjün edilmeli wagtyna çenli

10(on) günden az bolmadyk möhletde ýüz döndürmäge;

 Buýurmada görkezilen wagtyndan giç getirilen harytlary kabul edip

almazlyga;

 Hili, haryt görnüşi bellenilen standartlara laýyk gelmeýän harytlary kabul

edip almazlyga;

MARKALYNYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

“MARKALY” şulara borçludyr:

 “Agzany” buýurmalarynda görkezilen harytlar bilen görnüşleri we

möçberleri boýunça bellenilen wagtynda üpjün etmäge;

 Harytlary “Agzanyň” buýurmasynda görkezilen ýerine öz ulagynda, öz

hasabyna getirip bermäge;

 Harytlarynyň hiliniň bellenilen standartlar boýunça talaba laýyk bolmagyny

üpjün etmäge;

 “Markaly” “Agzalaryň” maglumatlarynyň konfidensiallygyny üpjün etmäge

borçlanýar. Şeýle-de öz gezeginde “Agza” öz şahsy hasaplary, açar sözi ýaly

maglumatlary üçünji taraplar bilen paýlaşanda ýüze çykyp biljek ähli

ýagdaýlar üçin “Agza” jogapkärdir;

 Harytlary buýurma belgisi görkezilip düzülen sargyt fakturasy we laýyklyk

düzümini (çek) bilen bile üpjün etmäge;

 “Agza” tarapyndan harytlaryň harydy gaýtarmaklyk ýa-da çalyşmak islegi

duýdurlandan soň 10 (on) günüň dowamynda yzyna kabul edip ýaramly

gowy bolan haryt bilen üpjün etmäge;

 Harytlaryň bahalarynyň üýtgän ýagdaýynda, bu barada “Agza” öňünden

habar bermäge;

“MARKALY” şulara hukugy bardyr:

 Taraplaryň arasynda üpjün edilen harytlaryň bahasynyň bellenilen tertipde

tölenilmegini “Agzadan” talap etmäge;

 täze görnüşli harytlaryny “Agza” teklip etmäge;

 “Agza”, saýtdan peýdalanan döwründe, Türkmenistanyň kanunçylygyny we

şu ylalaşygyň şertlerini bozan halatynda “Markaly” agzanyň agzalygyny

ýatyrmaga hukuklydyr.

TARAPLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI

 “Markaly” “Agzadan” kabul eden buýurmalary boýunça harytlary bellenen

wagtynda üpjün etmeklige jogapkärçilik çekýär;

 “Agza” kabul eden harydynyň bahasyny şu ylalaşygyň şertlerine laýyklykda

öz wagtynda tölemeklige jogapkärçilik çekýär;

 “Agzalar” we “Markalynyň” operatorlarynyň arasynda geçen aragatnaşyk

ýazgylary, ýazyşmalaryňyzy saklamak “Agzanyň” öz jogapkärçiliginde.

 Agzalan maglumatlar ýitirilen halatynda “Markaly” hiç hili jogapkärçiligi öz

üstüne almaýar.

AÝRATYN ŞERTLER

 “Agza”, “Markalyň” ýa-da “saýtyň” işine päsgelçilik döretmeli däldir. Eger-

de agza päsgelçilik döretse, “saýta” zeper ýetirse ýa-da beýleki agzalaryň

saýtdan peýdalanmagyna päsgelçilik döreden ýagdaýynda, “Markaly”

tarapyndan “Agzanyň” agzalygy bes ediler we bu ýagdaý sebäpli ýüze

çykjak her bir hukuk we jerime jogapkärçiligini Türkmenistanda hereket

kanunçylyk esasynda öz üstüne kabul edýär.

 “Agza” tarapyndan söwda, ylalaşyk işleri üçin girizen maglumatlarynyň

dogrylygyna saýty öz maksadyna laýyk ulanyljakdygyna kepil bolýar.

“Agza” tarapyndan maglumatlar dogry girizilmedik ýagdaýynda, maksada

laýyk ulanylmadyk ýagdaýynda “Taraplaryň” arasynda ýüze çykyp biljek

zeperleriň çykdajylary “Agza” tarapyndan tölenýär;

Fors – mažor

 “Taraplar” özlerine bagly bolmadyk fors-mažor, ýagny tebigy

betbagtçylyga, degişli resminamalar bilen tassyklanan döwlet edaralarynyň

hereketleri we başga hadysalar netijesinde şu ylalaşyk baglaşylandan soň

dörän ýagdaýlar zerarly, şu ylalaşyk boýunça islendik borçlaryny doly ýa-da

bölekleýin ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda jogapkärçilik çekmeýär.

Fors-mažor ýagdaýlar 3 (üç) aýdan köp dowam eden halatynda “Taraplar”

şu şertnamany ýatyryp bilerler.

Jedelleri çözmegiň tertibi

 Şu ylalaşygyň şertleri ýerine ýetirilen wagtynda düşünişmezlikler we

jedeller dörän ýagdaýynda “Taraplar” özara gepleşikler arkaly çözmäge ähli

güýjüni ulanar, özara gepleşikler arkaly çözüp bolmadyk ýagdaýynda

jedeller Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine geçiriler.

 Arbitraž kazyýetiň çykaran karary “Taraplar” üçin hökmany we gutarnykly

bolup durýar.

ALYNAN MAGLUMATLAR WE OLARYŇ ULANYŞ DÜZGÜNI

Saýtyň hyzmatyndan peýdalanýan döwrüňizde ýa-da söwda işlerini geçirmek üçin

agza bolan ýagdaýyňyzda, hyzmatlarymyzyň ýokary hilini hödürlemek üçin

adyňyz, familýaňyz, telefon belgiňiz, elektron poçta adresiňiz, eltip berme

salgyňyz ýaly käbir şahsy magulmatlaryňyz Markaly tarapyndan toplanar. Alynan

maglumatlar şu maksatlar üçin ulanylar:

 Agzalar üçin şahsy agzalyk hasabyny döretmek.

 Spam we trol agzalaryň öňüni almak. Şeýlelikde saýtyň

kiberhowpsuzlygyny we beýleki müşderileriň saýtdan peýdalanmagynyň

hilini ýokary derejede saklamak.

 Sargydyň ýagdaýy hakynda Agzalara habar bermek.

 Täzeliklerden we arzanladyşyklardan habardar etmek üçin.

 Sargydy gowşurmak, we müşderiler bilen aragatnaşyk saklamak üçin.

 Müşderileriň söwda saýlawlaryny seljermek we olara teklipleri hödürlemek

üçin. Hyzmatlardan ýygjam ýagdaýda peýdalanýan müşderilerimiz üçin

sowgatlar we ýörite arzanladyşlar hödürlemek üçin.

Bize şu aşakdaky ýollar arkaly ýüz tutup bilersiňiz:

Salgy:

www.markaly.com – Onlaýn söwda nokady

Telefon belgi:

+99363153351

E-poçta:

info@markaly.com