Içeri gir
Şu aşakda agzalan şertler esasynda harydy gaýtarmaklyk ýa-da çalyşmak
mümkindir:
Harytlary size gowşurylandan soňra 10 gün geçmezlik şerti bilen;
Harydy kabul edip alnandan soňra, harydyň özüne, hardyň gabyna, gutusyna
ýa-da harydyň belligine (etiketkasyna) zyýan ýetirilmedik ýagdaýynda;
Siziň salgyňyza nädogry haryt getirilen ýagdaýynda;
Eger zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar getirilende;
Harytlary yzyna gaýtarmaklyk üçin ýa-da çalyşmaklyk üçin hiç-hili goşmaça
töleg alynmaya
Sargydymda bir haryt kem;
Eger harydyňyz kem gelen halatynda, sargydyňyzy getiren kuriýeriň
ýanynda, sargyt fakturaňyza seredip harytlaryňyzy barlap almagyňyzy maslahat
berýäris. Eger sargyt kem ýa-da zeper ýeten bolsa onda hökmany suratda kuriýere
görkezip bellige aldyryň. Bu bellikler ýerine ýetirilmese, markaly.com
jogapkärçiligi öz üstine almaýar.
Sargydym näçe wagtdan geler?
Sargydyňyz tassyk edilenden soň 10-15 günüň dowamynda geler.
Kwitansiýamy sargydym bilen birlikde getirmediler, Näme etmeli?
“HABARLASMAK” sahypasyna sargyt nomerinizi, e-poçtanyzy we
kwitansiýa isleýändigiňizi ýazyp ugradanyňyzda kwitansiýaňyz siziň e-poçtaňyza
ugradylar. Ýa-da +99363153351 belgä jaň edip talap edip bilersiňiz.